Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Getsi, bu kompaniýany esaslandyryjy we dolandyryjy hyzmatdaş Stefan Sanktýohanseri, “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasyny dolandyrmak boýunça edara binasy Dýusseldorfda bolan geňeşçi, hyzmatdaş Armin Raffalskini we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hans Gerd Prodeli kabul etdi.

Myhmanlar GFR-iň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän, ykdysady hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmak ugrunda amatly şertler döredilen Türkmenistan bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow germaniýaly hyzmatdaşlaryň Aşgabada bu gezekki saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly hasaplanýan taslamalar we maýa goýum gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de pikir alyşmaga oňyn mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi we Türkmenistan bilen Germaniýanyň senagat, oba hojalygy, bank ulgamy, ulag we kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandyklary bellenildi.

Şeýle hem köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak üçin uly geljegiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we GFR-iň işewürler bileleşiginiň wekilleri bu günki duşuşygyň türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygyny we işewürlik gatnaşyklaryny uzak möhletleýin esasda pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly işewürleri kabul etdi
Germaniýanyň “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýalary bilen duşuşyk barada
Raşid Meredow nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
Toyota awtomobil bazarynda dünýäniň iň gymmat brendi boldy