Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

15-nji iyunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Iwan Kuzmin obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, obasenagat toplumynyň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy we bar bolan serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy tutuş dünýäde möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda oba hojalygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, ony innowasion çözgütler we pikirler üçin açyk bolan, ýokary tehnologik pudaga öwürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan kuwwaty we milli obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assossirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşýandygy bellenildi.GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyz seçgiçilik we toprak-howa şertlerini nazara alyp, tohumlary synag etmek ugry boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak, tohumçylyk hem-de döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek we getirmek ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, bu netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Şeýle hem hünär derejesini ýokarlandyrmak we ugurdaş işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli esasda okuwlary guramak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ýurdumyz bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

I.I.Kuzmine Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidenti “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Semena assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi
Halk mejlisi Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ýadawlygy açyp görkezdi - syýasy synçy