Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

22-nji maýda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Bu barada HHM habar berýär.

Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet we sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasylarynyň hatarynda durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurduň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary öz gezeginde Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
Türkmenistan-GDA: özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy