Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Düýn 26-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi.Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
PAÝTAGTYMYZDA DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMY BAŞLANDY
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar