Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

TDH-niň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, ýakynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Liderler Prezident Erdogany Doglan Güni Bilen Gutalaýar
Tokaýew Myhmanhanada Bolan Ýangyna Gynanç Bildirdi
Gazagystan Türkmenistan bilen arasyndaky maýa goýumlaryny höweslendirmek baradaky ylalaşygy tassyklamagy meýilleşdirýär
Biziň tebigy gaz serişdelerimiz global bazarlarda uly islegden peýdalanýar "Türkmengaz"