Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna çagyrdy

Şu gün Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanda saparda bolýar. Duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti sammite gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem bu saparyň ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini belläp geçdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy