8-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolan, ikitaraplaýyn gatnawly awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy. Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan Dorožnoýe stroitelstwo Altkom jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.
Ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobil köprüsiniň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenip ýadygärlik ýazgy ýazylan gutyny goýberdi hem-de desganyň binýadyna pil bilen beton erginini guýup, gurluşyga badalga berdi.