Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda awiabaza baryp, harby dikuçarlaryň parkyny gözden geçirdi.
Döwlet baştutany dikuçarlaryň biriniň uçuş häsiýetlerini elin synagdan geçirmek kararyna geldi.
TDH döwlet habar gullugynyň ýazmagyna görä, “Ýurda gelip gowşan awiatehnikalaryň mümkinçiliklerini elin barlamak üçin, döwlet baştutanyň hut özi şturwalyň başyna geçdi”.
Prezident Berdimuhamedow paýtagtyň üstünden gözegçilik etmek üçin örän ýygy-ýygydan graždan dikuçarlarynyň şturwalynyň başyna geçýär. Emma döwlet baştutanynyň hakykatdan hem olary sürüp bilýändigi düşnüksiz. Operatorlar hiç wagt goňşy kürsini, birinji pilotyň oturýan ýerini ýazga düşürmeýärler.
Gyzykly ýeri, prezident Berdimuhamedow uçuş meýdançasyna gar jipde geldi. Ýatladýarys, Türkmenistanda ýanwaryň başyndan bäri garamtyl reňkli awtomobilleri ulanmaga näresmi gadaganlyk girizildi.
Mundan öň prezident ak maşynlary münýärdi.
Mundanam başga, prezident 2017-nji ýylyň awgustynda dürli ýaraglardan ok atmakdaky ussatlygyny görkezdi, harby desgalara baranda bolsa, bilindäki sapança döwlet baştutanynyň daşky keşbiniň aýrylmaz sypatlarynyň birine öwrüldi.
1 of 10