Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri (mundan beýläk — taraplar),

däbe öwrülen açyklyk, dostluk we netijeli ýagdaýda peýdaly gepleşikleri geçirip, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň işjeň ösýändigini hem-de soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny belläp,

syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň we köpugurly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini düýpli ara alyp maslahatlaşyp,

sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp hem-de bu ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny belläp,

iki ýurduň halklarynyň synmaz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we goldaw bermek kadalaryna esaslanan köpasyrlyk taryhy hem-de medeni umumylygyndan ugur alyp,

Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamanyň hem-de Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamanyň düzgünlerini goldanyp,

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde esasy şert bolup durýandygyna ynam bildirip,

halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we kadalaryna, şol sanda birek-biregiň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini, serhetleriniň bozulmazlygyny, içerki işlerine gatyşmazlygy hormatlamak, deňhukuklylyk we özara peýda ýörelgelerine berk eýerýändiklerini ýene-de tassyklap,

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna möhüm ähmiýet berip,

türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga, gazanylan ylalaşyklary öz wagtynda we doly durmuşa geçirmegi üpjün etmäge çalşyp, şulary beýan edýärler:

1. Döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny doganlyk türkmen we özbek halklarynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara goldaw bermek ruhunda hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga we ählumumy gülläp ösüşi üpjün etmäge hyzmat etjekdigi baradaky umumy pikir beýan edildi.

2. Prezidentler Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň özara gatnaşyklaryna itergi berýän we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabryndaky resmi saparynyň iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy.

3. Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň sebitde dostluk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge ýardam berýändigini bellediler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 5-6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygynyň we şonda kabul edilen çözgütleriň uly ähmiýetiniň bolandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri 2022 — 2024-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasyny tizara kabul etmegiň, şeýle hem indiki konsultatiw duşuşykda Merkezi Aziýany XXI asyrda ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekmegiň möhümdigini nygtadylar.

4. Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny bellediler hem-de parlamentara gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisinde hereket edýän hyzmatdaşlyk boýunça parlament toparlarynyň çäklerinde mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada aýtdylar.

Taraplar halkara parlamentara guramalaryň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň umumy bähbitlerine gönükdirilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Iki ýurduň parlamentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 2022-nji ýylda Daşkentde geçiriljek Sebit parlament forumyny taýýarlamakda we geçirmekde hem işjeň hyzmatdaşlyk ederler.

5. Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabryna bellenen saýlawlary mynasybetli elektoral işiň alnyp barlyşyna ýokary baha berdi hem-de ses bermegiň ýokary demokratik standartlar esasynda geçiriljekdigine we Özbegistanyň raýatlarynyň syýasy aň-düşünjesiniň, jemgyýetçilik işjeňliginiň ösen derejesini aýdyň görkezjekdigine ynam bildirdi.

6. Döwletleriň Baştutanlary Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hökümetara toparyň 2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen on altynjy mejlisiniň netijelerine oňyn baha berdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary, ilki bilen, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ugurlarynda ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde toparyň ornuny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýakyn wagtda haryt dolanyşygynyň möçberini ýylda ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna çenli sazlaşykly artdyrmak maksady bilen, iki ýurduň bazarlarynda ýokary goşulan bahasy bolan islegli önümleri goşmak arkaly onuň sanawyny giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Taraplar özara söwdada, daşary söwda üpjünçilik ulgamlaryny we eksport-import amallaryny goldamagyň usullaryny işjeň ösdürmekde, şeýle hem özara esasda işewürler forumlaryny we senagat önümleriniň milli sergilerini geçirmekde amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar saparyň dowamynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegini goldadylar, bu Merkez özara söwdanyň möçberini artdyrmaga ýardam berer, iki döwletiň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen senagat kooperasiýasyny ösdürmäge hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga hemaýat eder.

7. Döwletleriň Baştutanlary söwda babatda hyzmatdaşlyk usullarynyň doly amala aşyrylmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çaltlandyryp ösdürmäge ýardam berjekdigi, şeýle hem döredilýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň netijeli işlemegini üpjün etjekdigi bilen ylalaşdylar.

8. Döwletleriň Baştutanlary agrosenagat toplumynyň, oba hojalygynyň, awtomobil gurluşyk we ýeňil senagat, ulag hem-de aragatnaşyk kärhanalarynyň önümçilik kooperasiýasyny giňeltmek, bilelikdäki ähmiýetli taslamalaryň sanyny artdyrmak üçin uly mümkinçiligini bellediler.

9. Taraplar iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň birinji forumyny geçirmek barada özbek tarapynyň teklibini makullady.

Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň arasynda wekiliýetleri alyşmak tejribesini dikeltmegi goldap çykyş etdiler.

Taraplar iki ýurduň serhetdeş sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda serhetüsti hyzmatdaşlygy giňeltmegi höweslendirmegi ylalaşdylar.

10. Prezidentler ulag ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýurtlaryň we sebitleriň arasynda halkara söwdany ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar.

Iki ýurduň çäklerinden geçýän halkara ulag ýollarynyň bäsleşige ukyplylygyny hem-de özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, taraplar daşary söwda ýükleri üstaşyr daşalanda, nyrhlary mundan beýläk-de amatlylaşdyrmaga we amatly şertleri döretmäge gönükdirilen yzygiderli özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny ýene-de tassykladylar.

Taraplar iki ýurduň şäherleriniň arasynda awtobus we howa gatnawlaryny ösdürmegiň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ýük, ýolagçy we syýahatçylyk akymlaryny artdyrmaga ýardam berjekdigini belleýärler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça çäreleriň Bilelikdäki maksatnamasyna (Ýol kartasyna) gol çekilmegini makulladylar.

Prezidentler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we AÝuS ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Ýewropa halkara multimodal ugrunyň bar bolan ýokary mümkinçiligini doly möçberde ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Halkara üstaşyr ulag geçelgesini döretmek hakynda 2011-nji ýylyň 25-nji aprelindäki Ylalaşygy (Aşgabat Ylalaşygyny) iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Taraplar Termez — Mazari-Şerif — Kabul — Peşewar we Kerki — Akina — Andhoý demir ýollary ýaly iri üpjünçilik ulgamlary taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurduň üstaşyr mümkinçiligini ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstünden Günorta we Merkezi Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna ýükleri daşamagyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berjekdigi bilen ylalaşdylar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Özara ulag-kommunikasiýa baglanyşygyny ösdürmegiň sebit merkezini döretmek barada özbek tarapynyň başlangyjyny goldady.

Özbegistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany döretmek barada türkmen tarapynyň başlangyjyna goldaw bildirdi.

11. Döwletleriň Baştutanlary Döwlet serhedini kesgitlemek we ýerinde bellemek meseleleri boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň işine ýokary baha berdiler.

Taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky döwlet serhediniň iki doganlyk ýurduň we halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk serhedi bolup galmagy üçin mundan beýläk-de çäreleri görjekdiklerini bellediler.

12. Döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýanyň serhetüsti suw serişdeleriniň sebitiň halklarynyň umumy baýlygy bolup durýandygyny we häzir ýaşaýan onlarça million adamyň hem-de geljekki nesilleriň ykbalynyň, tutuş sebitiň durnuklylygynyň, abadançylygynyň bu serişdeleriň adalatly we rejeli peýdalanylyşyna baglydygyny nygtadylar.

Bu ugurda açyk gepleşikleri dowam etmegiň, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara kabul ederlikli, adalatly we netijeli çözgütleri gözlemegiň möhümdigi bellenildi.

Döwletleriň Baştutanlary Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň 2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen birinji mejlisiniň netijelerine oňyn baha berdiler we gyzyklanma bildirýän ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu mejlisde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işi çaltlandyrmagy tabşyrdylar.

Taraplar Araly halas etmegiň halkara gaznasyna (AHHG) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Aral heläkçiliginiň täsirine düşýän etraplary ekologiýa taýdan sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen ekologiýa we ylmy-tehniki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemmetaraplaýyn platforma hökmünde garaýarlar.

13. Taraplar iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy ýagdaýlaryň täsirini azaltmak, tebigy we tehnogen häsiýetli betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak hem-de olary ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki çäreleri işläp düzmek we amala aşyrmak boýunça has ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny bellediler.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň dowamynda öňe sürlen Merkezi Aziýa üçin ýaşyl gün tertibi sebit maksatnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjynyň möhümdigini nygtadylar.

14. Döwletleriň Baştutanlary koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdiler.

Taraplar ugurdaş düzümleriň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak, olary bejermek, lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak, waksinalary, derman serişdelerini we beýleki lukmançylyk hem-de derman önümlerini öndürmek we ibermek babatda hyzmatdaşlygy hem-de kooperasiýany giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Türkmen tarapy kesel anyklaýjylaryň we sanjym güwänamalarynyň netijelerini ykrar etmek, ýokanç keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek babatda tejribe alyşmagy giňeltmek, lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak, farmakologiýa we örän möhüm derman serişdelerini öndürmekde kooperasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça bitewi maglumat ulgamyny döretmek barada Özbegistanyň başlangyjyna ýokary baha berýär.

Özbek tarapy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny düzmek, öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn usulyny ýola goýmak, Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek barada Türkmenistanyň teklibini goldaýar.

Türkmen tarapy Daşkentde dünýä ykdysadyýetini dikeltmegiň meselelerini, şeýle hem pandemiýadan soňky döwürde garyplygy azaltmak boýunça öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek barada Özbegistanyň teklibini goldaýar.

15. Taraplar iki ýurduň ýaşlaryny goldamaga, şol sanda ýaş nesli ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge, olaryň hukuklaryny goramaga we zehinini hem-de jemgyýetiň bähbitlerine tagallalaryny goldamaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirerler.

16. Taraplar durnukly ösüş maksady bilen, jemgyýetde asudalygy we ylalaşygy hem-de adam mümkinçiligini doly amala aşyrmagy üpjün etmekde esasy orny eýeleýän zenanlaryň gender deňligini goldamaga, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

17. Iki ýurduň halklarynyň arasynda köpasyrlyk dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin öz taryhy jogapkärçiligine düşünmek bilen, taraplar medeniýet, bilim, ylym, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy edaralaryň, dostluk jemgyýetleriniň, çeperçilik we teatr toparlarynyň arasynda dostlukly alyşmalary giňeltmäge özleriniň ygrarlydygyny tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary 2022-nji ýylda özara esasda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Medeniýet we kino günlerini geçirmegi gyzyklanýan ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna tabşyrdylar.

18. Taraplar iki halkyň ene dilini, medeniýetini, däp-dessurlaryny, adatlaryny ösdürmek üçin mundan beýläk hem amatly şertleri dörederler, iki ýurduň nusgawy edebiýatynyň, häzirki zaman awtorlarynyň eserlerini terjime etmäge goldaw bererler, bir döwletiň beýleki döwletiň çäklerinde bolýan raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek boýunça çäreleri görerler.

19. Döwletleriň Baştutanlary Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga, onuň asuda we gülläp ösýän ýurda öwrülmegine ýardam bermegi geljekde hem dowam etmäge özleriniň taýýardyklaryny, şunda owgan halkynyň öz ýurduny syýasy, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň saýlap alan ýoluny hormatlaýandyklaryny tassykladylar.

Halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de halkara howpsuzlygyň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşde ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.

20. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň ähli ugurlarda ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk düzgünini üpjün etmek boýunça halkara tagallalara ýardam bermek maksady bilen, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolak hakyndaky Şertnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

21. Döwletleriň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň hem-de forumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy we özara goldawy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryny hem-de Tertipnamasynyň kadalaryny berjaý etmek esasynda ählumumy we sebit meselelerini çözmekde bu guramanyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Özbek tarapy Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamany kabul etmegini makullady.

Türkmen tarapy özbek tarapynyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul eden Aralýaka sebiti ekologik innowasiýalar we tehnologiýalar zolagy diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyny bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwletleriň Baştutanlary Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Halkara Aralýaka innowasion merkeziň we Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Aralýaka sebiti üçin adamyň howpsuzlygy boýunça köptaraply hyzmatdaşlygyň trast gaznasynyň Aral deňziniň sebitinde ekologiýa, durmuş we ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirýärler.

Türkmenistan 2022-nji ýylda Nukusda ýaşyl energetika boýunça ýokary derejeli halkara forumyň, şeýle hem Özbegistanda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda BMG-niň daşky gurşaw boýunça ýokary derejeli altynjy Assambleýasynyň geçirilmegini goldaýar.

22.Prezidentler Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň sebitde hem-de ählumumy derejede halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini hem-de dünýäniň döwletleriniň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orny eýeleýändigini nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul eden Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Iki ýurduň Liderleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda başlanan ynanyşmak we gepleşikler medeniýeti meselesiniň dünýäniň ünsünde galyp, Birleşen Milletler Guramasynyň strategik gün tertibiniň hemişelik meselesine öwrülmelidigini nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak atly Kararnamasynyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen taslamasyny işläp taýýarlamaga goldaw bildirildi.

Şol bir wagtda, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamak meseleleriniň özara baglydygyna hem-de bölünmezdigine düşünmek bilen, döwletleriň Baştutanlary Merkezi Aziýa — Hazar sebiti parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky başlangyja goldaw bildirip, bu nusga ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek üçin platforma hökmünde garaýarlar.

23. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler atly halkara maslahatyň netijelerine ýokary baha berdi hem-de Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde durnukly ösüşi we durnuklylygy üpjün etmekde sebit özara baglanyşygyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.

24. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda ýokary derejedäki duşuşygyny guramakda we geçirmekde ýurduň şu gurama başlyklygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy goldaýandygyny beýan etdi.

Özbek tarapy türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk atly Kararnamasynyň kabul edilmegine ýokary baha berýär.

25. Döwletleriň Baştutanlary bolup geçen netijeli gepleşikleriň, şeýle hem saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny deňhukuklylyk hem-de özara peýda esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ähli özbek halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew.

Daşkent şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy
Türkmen-özbek umumy serhedi kesgitlemek boýunça Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görülýär
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Gazagystan Antalýa uçar saparlaryny artdyrdy
Ýurduň gündogar sebitiniň ekarançylary şaly ýygymyna girişdiler