Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň, Ermenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň, Ermenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Liderler bilen bolan duşuşyklaryň barşynda medeni-ynsanperwer, hususan-da, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Masud Pezeşkian bilen duşuşykda parlamentara gatnaşyklara we BMG hem-de YHG ýaly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanlary ykdysady we medeni, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini görkezýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi hem-de elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy.

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda geçirilen forumyň ähmiýetini nygtan Prezident Haçaturýan söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryndaky özara gatnaşyklara ünsi çekdi. Ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde Hökümetara toparyň eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň ahyrynda döwlet Baştutanlary birek-biregiň halklaryna abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Özbegistanyň Baştutany bilen duşuşdy, Aşgabatda Türkmentel 2023 atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi, Türkmenistan Yraga ýylda 9 milliard kub metr tebigy gaz iberer we beýleki habarlar
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary serhetýaka we sebitleýin söwdany ösdürmäge çagyrdy
Türkmenistan YHG-nyň Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmegi teklip etdi