Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.
Bellenilişi ýaly, sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen berk dostluk, medeni umumylyk, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli we sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.