Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Şu gün Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. ''Türkmenistan'' gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany, hususan-da, şeýle belleýär:

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Eziz doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilýän bu maslahatyň eziz Watanymyza buýsanjymyzy pugtalandyrmak, dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk bagtyýar we abadan durmuşymyzyň, ähli ösüşlerimiziň, rowaçlyklarymyzyň esasydyr. 32 ýylyň içinde eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä giňden tanadan, abraý-mertebesini jahana ýaýan ägirt uly işler durmuşa geçirildi.

Türkmenistan hemmetaraplaýyn okgunly ösýän döwlete öwrüldi.Keremli topragymyzda täze şäherdir obalar, etraplar, häzirki zaman kärhanalary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly iri desgalar gurlup, durmuşymyzy düýpli özgerden beýik işler amala aşyryldy.

Garaşsyzlyk biziň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy.Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynda Watanymyz hakyndaky iňňän beýik hem-de mukaddes düşünjelerimiz has-da rowaçlandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly alyp barýarys.Watan diňe halky bilen Watandyr!Döwlet diňe halky bilen döwletdir!diýen baş şygarymyz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet adam üçindir!

diýen şygary, ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň ykrar edilen taryhy hem-de milli tejribesi biziň kalbymyzda ägirt uly ynam döredýär, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berýär.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda beýik watansöýüjiligimiz, synmaz agzybirligimiz we jebisligimiz, gujur-gaýratly zähmetimiz bilen bina edilen özboluşly Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy täze taryhy döwürde biziň iň arzyly maksatlarymyzyň hasyl bolýandygyny we beýik sepgitlere ýetendigimizi tassyklaýar.

Munuň özi ägirt uly ösüşleriň gazanylýan, jemgyýetimiziň maddy we ruhy taýdan kämilleşýän döwründe biziň her birimiziň eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmelidigimizi görkezýär.

Eziz watandaşlar! Garaşsyzlyk halkymyzyň ykbalyna düýpli täsir etdi hem-de Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Türkiýe Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Owganystanda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda we beýleki ýurtlarda mekan tutan dünýä türkmenlerini beýik Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes suprasynyň başyna jemledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleri jebisleşdirýän hem-de adamzadyň parahatçylyk ugrundaky beýik maksatlaryna öz mynasyp goşandyny goşýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri has-da kämilleşýär we rowaçlanýar.

Birleşigiň daşary ýurt bölümleri bu gün doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmekde, ykdysady, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, aýratyn-da, halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyny wagyz etmekde uly işleri amala aşyrýarlar.

Geljekde-de dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan watandaşlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar.Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrarys.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar!Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Baýramlarymyz baýramlara, toýlarymyz toýlara ulaşsyn, mähriban doganlar!Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende götermek, doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Burak Özçiwit aýaly Fahriýe Ewjen bilen Moskwa bardy
Kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Sami Naseri Türkmenistanda film festiwalyna gatnaşarlar
Kinoteatlarda 10 — 15-nji oktýabrda görkeziljek filmler
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler
28-nji awgust 3-nji sentýabr aralygynda görkeziljek filmler