Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy, üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi dünýä sanawyna girdi, Lebapda senetçileriň halkara festiwaly tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy, üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi dünýä sanawyna girdi, Lebapda senetçileriň halkara festiwaly tamamlandy

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Türkmen Lideri GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine we Merkezi Aziýa Russiýa Sammitine gatnaşdy.

2. Türkmenistanda Times Higher Education dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawyna girýän ýokary okuw mekdepleriniň sany artdy. World University Rankings-2023 sanawyna Türkmenistanyň 3 sany ýokary okuw mekdebi girdi. Olar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.

3.Türkmenistanda senetçileriň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň halkara festiwaly tamamlandy.Forumyň ýapylyş dabarasy Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi.Türkmen senetçileri, sungat ussatlary we suratkeşleri öz ýurdunyň özboluşly, owadanlygy we inçeligi boýunça gaýtalanmajak medeni däplerini daşary ýurtly myhmanlara tanyşdyrmak mümkinçiligini aldylar. Şonuň bilen birlikde, olar beýleki halklaryň halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň däpleri barada köp täzelikleri öwrendiler.

4.Astrahan döwlet uniwersitetinde 600-den gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar, soňky üç ýylyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebini 800-den gowrak türkmenistanly talyp tamamlady.ADU-nyň rektory Konstantin Markelowyň bellemegine görä, ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy hem-de Rossotrudniçestwonyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Şeýle-de uniwersitetde yzygiderli esasda Magtymguly mekdebi we A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi bilen bilelikdäki çäreler geçirilýär.

5. Indiki ýyldan başlap, Google korporasiýasy özüniň bulut hyzmatlary üçin tölegleri kriptowalýutada kabul edip başlar. Töleg üçin kriptowalýutalaryň bitcoin, bitcoin cash, ethereum, litecoin, dogecoin ýaly görnüşleri kabul ediler. Häzirki wagtda şeýle häsiýetli tölegleri geçirmek mümkinçiligi ulanyjylaryň çäkli toparlarynda bolar, emma geljekde müşderileriň sany artar.

6. Levi’s haryt nyşanynyň saklanyp galan iň köne jinsileriniň biri 87 müň ABŞ dollaryna satyldy. Çaklamalara görä, bu jinsi XIX asyryň 80-nji ýyllarynda tikilipdir. Ol birnäçe ýyl mundan öň taşlanan şahtadan tapylypdyr. Ol örän gowy saklanypdyr, matasy häzir hem geýmek üçin ýaramlydyr, emma onda altyny gazyp alyjylar tarapyndan şahtany ýagtyltmak üçin ulanylan şemleriň mumunyň yzy galypdyr.

7. 1998-nji ýylda Fransiýanyň ýygynydysynyň düzüminde futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisi dawid Trezege Duşenbedäki Ýuwentus akademiýasyna bardy. Trezege ýaş futbolçylar üçin ussatlyk sapagyny geçirdi we bu akademiýadaky çagalaryň heniz okaýandyklaryna garamazdan, uly isleg bilen oýnaýandyklaryny, olaryň Ýuwentusyň usulyny öwrenýändiklerini belledi.

8. Türkmenistanly Şatlyk Şöhradow agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 89 kg çenli agram derejede dördünji orna mynasyp boldy. Türkmen türgeni umumylykda 350 kg netije görkezdi (birbada götermekde 160 kg + silterläp götermekde 190 kg). Birinji orny Gazagystanyň wekili Asyljan Bektaý (362), ikinji orny gyrgyz agyr atletikaçy Emil Moldodosow (361), üçünji orny bolsa eýranly masud Çatrai (358) eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Times Higher Education atly reýtinginde
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramanyň reýtingine girdi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýaşlarynyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň 43 ýokary okuw mekdebine okuwa girip biljekdigini tassyklady
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hakara üstünligi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi