Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň harby gullukçylarynyň nazaryýet bilimlerini we söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunda harby gulluga nobatdaky çagyryşyň netijeleri, ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrina hem-de döwrebap talaplara laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň goranyş wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýarlygyny we goşunyň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe we göz öňünde tutulan beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler we olaryň netijeleri, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň ahyrynda Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda ýurduň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.