Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Birinji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutany toý bagyny kesdi we täze desgany açdy. Prezident düzüminde döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilen Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy.

2. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.Dabaraly ýagdaýda açylan ilkinji ýokary okuw mekdebi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasydyr.

Soňra döwlet Baştutany Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

3. Türkmenistanyň Prezidenti täze metbugat sekretaryny wezipä belledi. Döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň ýolbaşçylygyna Bereketli toprak gazetiniň öňki baş redaktory Azat Jepbarow bellenildi. Azat Jepbarow Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary wezipesinde bu wezipede 15 ýyl işlän we başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadylan Kakageldi Çaryýardurdyýewiň ornuna bellenildi.

4.Anna güni A.S.Puşkin adyndaky Umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebinde birinji synpa barýan 190 sany okuwçy üçin ilkinji jaň dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň we Russiýanyň Döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Soňra tans toparlarynyň çykyşlary we okuwçylaryň çeper okaýyşlary ýerine ýetirildi.Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýewgeniý Lykow täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň ilçisi Iwan Wolynkiniň adyndan ýygnananlaryň ählisini gutlady.

5. Türkmenistandaky Balkan gämi gurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisi gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmendeňizderýaýollary agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

6. Türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Astrahan sebitinde Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmi surata düşürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowamynda Hazar möwsümleri festiwalynyň çäklerinde Astrahan filarmoniýasynda geçirilen Türkmenistanyň sungat işgärleriniň konsertine gatnaşdy. Opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew Astrahan döwlet uniwersitetiniň öňündäki meýdançada ýörite film üçin Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymy ýerine ýetirdi.

Dünýäde

7. 90 ýaşly ýaponiýaly alpinist Ýuiçiro Miura maýyplar üçin arabada Fudzi dagynyň depesine çykmak üçin üç gün gerek boldy. 3776 metr belentlige çykmakda oňa dostlary we maşgala agzalary goldaw berdiler hem-de ýoldaşlyk etdiler.

Bu alpinistiň garrylykda ilkinji gezek dag gerşine çykyşy däl. 2013-nji ýylda Miura 80 ýaşynda planetanyň iň belent nokady bolan Ewereste çykan iň garry adam boldy.

8.Amerikanyň TransAstra startap kompaniýasy NASA bilen bilelikde kosmos zyňyndylary üçin torbalaryň taslamasyny döreder.Kosmos zyňyndylaryny toplamak üçin torbalar kosmosa iberilmezden ozal Ýerde synag ediler.Taslama durmuşa geçirilenden soň, torba görnüşindäki çişirilen gurluşlar planetanyň töweregindäki howasyz giňişlikde raketalaryň ulanylan böleklerini, işlemeýän geostasionar aragatnaşyk hemralaryny we agramy 50 müň tonna çenli asteroidleri ýygnar.

Zibil ýygnamak üçin täze enjam beýleki şuňa meňzeş gurluşlardan tapawutlylykda, seplenmäge zerurlyk çekmeýär.

9. 1-nji sentýabrdan Russiýada enjamlary awtoulagyň maňlaý aýnasynda ýerleşdirmek üçin täze düzgünler güýje girdi.Indi sürüjilere aýnanyň öňünde ýoluň görnüşini çäklendirip biljek islendik enjamy gurnamak gadagan edildi.

Bu düzgün ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Polisiýasynyň ýol gözegçiligi gullugynyň habar bermegine görä, ulag dolandyrylanda enjamlaryň ulanylmagy ýol-ulag heläkçilikleriniň esasy sebäpleriniň biridir.Rugsat berlen zatlaryň sanawyna wideoýazgy enjamlary, telefon ýa-da nawigator berkidilýän guluşlar girmeýär.

Bu enjamlar sürüjiniň görüşine päsgel bermez ýaly gurnalmalydyr.

Sport habarlary

10. Belarusyň Energetik-BGU futbol toparynyň goragçysy Wepa Jumaýew Indoneziýa we Bahreýn bilen geçiriljek dostluk oýunlary üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyryldy. 22 ýaşly Wepa Jumaýewiň Belarusyň häzirki çempionatynda Energetik-BGU toparynyň her oýunda başlangyç düzümde meýdança çykýan ýeke-täk oýunçysydygyny bellemek gerek. Ol 2023-nji ýylda geçirilen Ýokary liganyň 17 oýnunda bir pökgi geçirdi.

11.Konferensiýa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişliginiň netijeleri belli boldy. Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyry 21-nji sentýabrda badalga alar, pleý-off oýunlary 2024-nji ýylyň fewral aýynda başlanar, final duşuşygy bolsa 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Irlandiýanyň Dublin Arena stadionynda geçiriler. Ýewropa ligasynyň häzirki ýeňijisi Ispaniýanyň Sewilýa toparydyr. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 32 topar gatnaşar we olar 8 toparçaa bölüner.

Liwerpul Tuluza bilen duşuşar, Baýer Garabag bilen oýnar, Aýaks, Marsel we Braýton bir toparçada çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ