Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady

Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara maslahat geçirildi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara maslahatyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleriniň her biriniň çykyşlaryndan soňra, olary Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, agzalan medal hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlar bilen halkara foruma gatnaşan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sylaglandy.

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany mundan ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany hem bu sylaglar bilen sylaglamak hakynda çözgüdiň kabul edilendigini belledi.

Daşary ýurt Liderleri Türkmenistanyň bu ýubileý medaly bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin, şeýle hem beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
PAÝTAGTYMYZDA DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMY BAŞLANDY
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer