Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buigi kabul etdi.Döwlet Baştutanymyz ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine “Bouygues” fransuz kompaniýasynyň uly goşandyny belledi. Şol maksatnamanyň çäklerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde tutuş ýurdumyz boýunça häzirki Türkmenistanyň hemişelik nyşanyna öwrülen önümçilik, durmuş-medeni maksatly möhüm desgalaryň onlarçasy bina edildi.

Ak mermerli Aşgabat bolsa gözel keşbi we özboluşly binagärligi bilen Merkezi Aziýanyň merjenine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň durmuşa geçiren taslamalaryny ýokary hilli, üstüne alan borçnamalaryny öz wagtynda hem-de jogapkärçilikli ýerine ýetirýändigini nygtady. Şunda paýtagtymyzyň keşbiniň özgerdilmegine kompaniýanyň goşan goşandy, gepleşikleri we dürli taslamalaryň tanyşdyrylyşlaryny geçirmek üçin hemme şertleri bolan häzirki zaman işewürlik merkezini gurmak boýunça alnyp barylýan işler mysal hökmünde getirildi.

Işewür hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalara ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň işjeň gatnaşandygyny belledi hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça gymmatly maslahatlary üçin hoşallygyny beýan etdi. “Bouygues” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Kompaniýa Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ýurdumyzda işläp gelýär.Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň, buýrujynyň ähli isleglerine laýyklykda, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna pugta eýerjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz toplanan oňyn tejribäniň, uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

“Bouygues” kompaniýasynyň Baş direktory ikiçäk söhbetdeşlikde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadrini kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de kompaniýanyň ýolbaşçysy Aşgabada ilkinji gezek gelip görýändigini, onuň gözel keşbine haýran galandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, gutlaglary hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Şolaryň hatarynda “VINCI” fransuz kompaniýasy hem bar.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Patrik Kadri türkmen bazarynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlary üçin aýratyn özüne çekijidigini, munuň döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasaty hem-de ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşi bilen şertlendirilýändigini belläp, fransiýaly hyzmatdaşlaryň hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uzak möhletleýin esasda işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary öndürijilikli öňdebaryjy tehnologiýalara, innowasion binagärlik taslamalaryna hem-de inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara bolan zerurlygy artdyrýar.

Bu babatda Türkmenistan halkara işewür toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri, şol sanda fransuz kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, iň gowy dünýä tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.Hormatly Prezidentimiz fransuz kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky taslamalary ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirýändiklerini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň fransuz hünärmenleri — binagärler hem-de taslamaçylar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny, arasynda “VINCI” kompaniýasy hem bolan öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini maksat edinýändigini belläp, türkmen tarapynyň geljegi uly täze taslamalar boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Öz gezeginde, Patrik Kadri fransuz kompaniýasynyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny belläp, “VINCI” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny pugta berjaý etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Žil Reminiň belleýşi ýaly, şu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak onda uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlarynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirmegini şertlendirendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, arasynda “Cifal” kompaniýasy hem bolan dünýäniň iri kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Cifal” fransuz kompaniýasynyň ençeme ýylyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat ulgamynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, binagärlik, gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de ýangyç-energetika toplumy we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz milli hem-de sebit ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek meýlini tassyklap, Türkmenistanyň bu babatda anyk tekliplere garamaga taýýardygyny nygtady.

Žil Remi “Cifal” kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge mundan beýläk-de pugta eýerjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmana baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu gorlary özleşdirmek bilen meşgullanýan kompaniýalar bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýar.Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, önümiň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda bu kompaniýanyň özüni işine öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň çekýän jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.

Hormatly Prezidentimiz dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de kompaniýanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Ali Raşid Al Jarwan Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan düýpli özgertmeleriň giň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýdyp, “Dragon Oil” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hem-de işewür hoşlaşyp, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler we bar bolan özara bähbitleriň deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy
Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýasynyň Türkmenistandaky gurluşyklaryna ýokary baha berdi