Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

TASS agentliginiň habar bermegine görä, Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly 15 sany ýurduň hukuk goraýjy edarasynyň hünärmeni, ruhany bilen birlikde 4 sany adam wepat boldy. Şeýle hem ýaragly hüjüm zerarly 26 sany adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Halkara Hazar Sanly Forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistan Dagystanda geçiriljek sanly ulgam boýunça foruma çagyrylýar
Kumyk Türkçesi
Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy