Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçgala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi
Kumyk Türkçesi
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolup geçen ýaragly hüjüm zerarly gynanç bildirdi
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy