Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd. kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň türkmen döwletiniňdaşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň ýakynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Gaz we himiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar we maýa goýum ulgamlary, şeýle hem beýleki köp sanly ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek hem-de Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we ýene-de bir giň gerimli taslamany Aşgabat-siti taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.
— Türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge koreý kompaniýalary uly goşant goşýarlar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we olaryň ýurduň gaz-himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Myhman ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy üçin berk binýadyň döredilendigini belläp, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, abadançylyk we işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.