Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär.
Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy — şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän iri halkara çäreler geçirilýär.Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza buýsanmak üçin ýene-de bir esasdyr. Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr.Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, Döwlet adam üçindir!, Watan diňe halky bilen Watandyr!Döwlet diňe halky bilen döwletdir!diýen şygarlarymyzyň esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.
Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.
...Irden Köpetdagyň ajaýyp dag eteginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.
Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.
Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň geljegi we daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde ýurdumyzyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.
Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berkararlygynyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, kuwwatlylygy, gülläp ösüşi alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi.Eziz Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarydyr taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz öz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar.
Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de bu gün halkymyz gadymy taryhynyň belentligine oňat düşünip, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar.
Konstitusiýa esasy ýörelgeleri beýan etmek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär.Häzirki döwürde ol düýpli mazmuny, ykdysady, durmuş, medeni hukuklar baradaky esasy ýörelgeleridir ugurlary özünde jemleýän üsti ýetirilen resminamadyr.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdak meýdançasyna gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýýarlar.
Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Mukaddes tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra, durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Türkmen topragy okgunly özgerip, gül açýan mekana öwrülýär, obalarymyz, şäherlerimiz täze keşbe eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň joş urýandygyny alamatlandyrýan ýaşyl baýdagymyzyň astynda halkymyz agzybir, ruhubelent zähmet çekip, geljege ynamly garaýar.
Dabara tamamlanandan soňra, Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
...Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar geçirildi. Olara belli artistler, aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.