Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ilkinji gezek geçirilýän Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutany: “Biz meşhur sungat ussatlarymyzdan, halypa bagşy-sazandalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyza buýsanmaga haklydyrys. Şükür bagşynyň, Amangeldi Gönübegiň, Sary bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Mylly Täçmyradowyň, Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Nurberdi Gulowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Mustak Aýmedowyň, Nobat bagşynyň, Gurt Ýakubowyň we ençeme beýleki meşhur bagşy-sazandalarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary milli bagşyçylyk sungatymyzyň kämillik derejesini has-da belende göterdi” diýip, halkymyzyň bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýolunyň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän Çalsana, bagşy!bäsleşigi hem türkmen mukamlarynyň, joşgunly aýdymlaryň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýär.Bu bäsleşik dutarda saz çalmaga, aýdym aýtmaga höwesli täze zehinli ýaşlary ýüze çykarýar.