16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buig kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Buig kompaniýasynyň ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan milli meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerine garaldy.
Işewür hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hasaba alnyp işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň we milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň utgaşykly sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmeginiň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesi, olaryň bellenilen möhletlerinde ulanmaga tabşyrylmagy üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.