Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Nýu-Ýork şäherinde Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
Ngozi Okonjo-Iwealanyň X sahypasynda beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýörite Hökümet toparynyň hereket edýändigi bellenildi. Şeýle hem ýurduň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri toparyň üstüne ýüklenildi.
Şeýle hem habarda bellenilşi ýaly, geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi (“Işjeň synçy”) berildi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýekşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.