Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.
TDH-nyň beýan edişi ýaly, ir bilen hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine ugrady.
30-dan gowrak daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň we GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, XVI BRIKS Sammitiniň “BRIKS+” görnüşindäki plenar mejlisine gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, BRIKS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň dowamynda esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi.
Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüneçekijiligini artdyrýar.
Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, “BRIKS+” formaty döredildi. Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar. Durnukly ösüşe hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.