Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS guramasynyň “Adalatly ählumumy ösüşi we howpsuzlygy üçin köptaraplylygy berkitmek” ady bilen geçýän XVI sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Kazan şäherine bardy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Sammitiň 23-nji we 24-nji oktýabrda geçirilýän esasy çäreleriniň hataryna kiçi we giňişleýin düzümde geçirilýän mejlisler girýär. Halkara gatnaşyklar, sebit meseleleri, ykdysady hyzmatdaşlyk we halkara hasaplaşyklaryň goşmaça gurallary maslahatlaşmalaryň üns merkezindedir.
Ilkibaşda Russiýany, Braziliýany, Hindistany, Hytaýy we Günorta Afrika Respublikasyny özüne birleşdiren BRIKS guramasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Şu ýyl bu birleşmä Müsür, Efiopiýa, Eýran, BAE we Saud Arabystany goşuldy.