Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Žan Todt BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Diplomat Türkmenistana 2013-nji we 2016-njy ýyllarda bolan saparlaryny ýatlap, durnukly ulag mynasybetli geçirilýän çäreleriň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma işjeň gatnaşýandygy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, maslahatyň Türkmenistan bilen BMG-niň Ýol howpsuzlygy boýunça edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýändigini belledi. Žan Todt Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyny we ýol howpsuzlygyny üpjün etmek babatda işjeň iş alyp barýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýaly iri gurluşyk taslamalaryny hem-de Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýurtda awtosporty ösdürmek meselesine aýratyn garaldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem berkidiljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
X: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан