2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.
Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, öz gezeginde, myhmany mübärekledi hem-de onuň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna umyt bildirdi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň öňe süren sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, şeýle-de dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Baştutany döwletimiziň soňky ýyllarda Milletler Bileleşiginiň birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň ýolbaşçy düzümine girendigini, ençeme gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny nygtady.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi söhbetdeşligiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde tagallalaryny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de merkeziň işiniň mundan beýläk-de uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.