20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalar, şol sanda Halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goldaw bermekde we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny atly Kararnamalar biragyzdan goldanyldy. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 2023-nji ýyly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi.
BMG-ä agza ýurtlaryň 68-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan we BMG giň ugurlar boýunça, şol sanda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meseleleri ýaly wajyp ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi söhbetdeşligiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.
Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde tagallalaryny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de merkeziň işiniň mundan beýläk-de uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.