Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

''Türkmenistan'' gazetinde habar berlişi ýaly, şol gün irden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni BMG-niň ştab-kwartirasyna tarap ugrady. BMG-niň ştab-kwartirasyna gelende, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň Başlygy Dennis Frensis mähirli garşyladylar.

Bu ýerde ECOSOC zalynda BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan resmi kabul edişlik boldy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Şu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş etdi. Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlady we netijeli işlemegi arzuw etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady hem-de oňa şu jogapkärli döwürde alyp barjak işinde goldaw we ýardam beriji sözlerini beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy BMG-ä agza ýurtlaryň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir.Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.

Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen, olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär.

Bu bolsa, öz gezeginde, BMG-niň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler.Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip diňlenildi hem-de el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 286 dalaşgär hödürlendi
Türkmenistan we BMG köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Guterriş Ýakyn Gündogarda ýaraşygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar