Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynda Magtymgulynyň goşgusyny okady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyny okady.

Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellener diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly özboluşly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar.

Men öz çykyşymy Magtymgulynyň Adamzat atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljekki nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär:

Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,

Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat

diýip, hormatly Prezidentimiz şahyryň goşgusyny okady.

Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk hem-de ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin diýip, döwlet Baştutanymyz arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Berdimuhamedow BMG-de çykyş etdi, "Merkezi Aziýa ABŞ" prezidentler sammitine gatnaşdy
Kaýseri Bünýan Halysy
“Süper Lig”-iň klublaryna tälimçi çydanok