Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji dekabrda geçiren hökümet mejlisinde işde goýberen kemçilikleri üçin demirýol ulaglary ministri Derýaguly Bäşimowy wezipesinden boşatdy. Onuň wezipe-borçlary wagtlaýyn ozal demirýol ulaglary ministriniň orunbasary bolup işlän Azat Atamyradowyň üstüne ýüklendi.
Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin senagat ministri Amanberdi Tüýliýew hem wezipesinden boşadyldy. Onuň ornuna “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy bolup işlän Kerim Durdymyradow bellenildi.
Bu gullugyň başlygynyň wezipesi wagtlaýyn “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän B.Gylyjowa ynanyldy.
Türkmenistanyň döwlet baştutany wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri üçin Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe berk käýinç yglan etdi.
Şeýle-de prezident wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işde goýberen kemçilikleri üçin döwlet eýeçiligindäki Daşary ykdysady iş bankynyň müdürýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowa berk käýinç yglan etdi.
Döwlet baştutany wise-premýer-ministr Dädebaý Amangeldiýewiň bir topar kemçligini görkezdi. Oňa goýberilen kemçilikleri gysga wagtda düzetmelidigi aýdylyp, berk käýinç we soňky duýduryş berildi.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe hem işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.
Wise-premýer Goçmyrat Myradowa wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin duýduryş berildi
Prezident oňa täze döredilen maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli wezipeleriň hatarynda prezident “her ministrligiň we pudak edarasynyň geljek ýyl üçin anyk programma işläp düzmegini, özara hasaplaşyklar boýunça işleri dowam etmegi, salgytlaryň, şol sanda, ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyny talap etdi” diýip, TDH döwlet habar gullugy ýazýar.