21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de birnäçe halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Özara ynanyşmagyň köpýyllyk hyzmatdaşlykdaky tejribesiniň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga umumy meýillerini görkezýän iki ýurduň hoşniýetli erkiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Aşgabada gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.