25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň BAE bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Häzirki wagtda bu gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi.
Munuň özi abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýar.Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.
Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.Döwlet Baştutanymyz BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen, şol sanda maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. /* custom css */ .td_uid_15_6745ba842417c_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6745ba842417c_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }