Türkmenistanyň prezidenti Birinji Hazar ykdysady forumynda söz sözledi, daşary ýurt wekiliýetleriniň baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Birinji Hazar ykdysady forumynda söz sözledi, daşary ýurt wekiliýetleriniň baştutanlary bilen duşuşdy

12-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow forumda söz sözledi.Prezidentiň çykyşyny Türkmenistanyň döwlet telekanallary göni ýaýlymda alyp görkezdi.Türkmen prezidenti 20 minuda golaý dowam eden çykyşyny rus dilinde ýerine ýetirdi.

Foruma gatnaşýan daşary ýurtly bir žurnalist 12-nji awgustda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Türkmenistanyň prezidentiniň forumda söz sözlän wagtynda ähli žurnalistleriň telefonlarynyň ýygnalyp alnandygyny we bir guta saldyrylandygyny aýtdy. Şeýle-de ol çykyşyň dowamynda prezidentiň ýüzüniň solak görünendigini sözüne goşdy.

Prezident Berdimuhamedow forumda sözlän sözünde Hazarda köp ugurly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. “Hazaryň energiýasy regionyň okgunly ykdysady ösüşiniň esasy bolmalydyr” diýip, ol çykyşynda aýtdy.Berdimuhamedow hazarýaka döwletleriň dünýä bazaryna çykmaga ähli mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Ol çykyşynyň dowamynda Kaspi innowasion-tehnologiýa merkezini döretmegi teklip etdi.Soňky günlerde prezidentiň saglyk ýagdaýy barada çykan tassyklanmadyk maglumatlaryň fonunda, Türkmenistana gyzyklanma bildirýän dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi prezidentiň Ykdysady forumda etjek çykyşyna gönügipdi.

Birinji Hazar ykdysady forumyna birnäçe daşary ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşýar. 11-nji awgustda Russiýanyň hökümet başlygy Dmitri Medwedow Türkmenistana bardy.Ol 12-nji awgustda HYF-da eden çykyşynda Russiýanyň Kaspi konwensiýasyny ýakyn wagtlarda ratifikasiýa etjekdigini aýtdy. Ýatlasak, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka ýurtlarynyň Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet baştutanlary Aktau geçirilen Bäşinji Hazar sammitinde Hazaryň hukuk durumyny kesgitleýän Konwensiýa gol çekipdiler.

Eýran we Russiýa bu konwensiýany heniz tassyklamany gelýär.Berdimuhamedow forumda sözlän sözünde Hazar deňziniň bioköpdürlüligini hem-de ekologik deňagramlylygy gorap saklamakda ylmyň ähmiýetini belledi.Mälim bolşy ýaly, Russiýa Hazar deňziniň üstünden çekiljek geçiriji taslamalara, olaryň deňziň ekologiýa şertlerine ýetirmegi mümkin täsirlerini aýdyp, garşy çykyp gelipdi. Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň göz öňünde tutýan Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny goldaýar.

Türkmen prezidenti forumyň çäklerinde Türkmenistana baran daşary ýurt wekilleriniň baştutanlary, ýokary derejeli daşary ýurt resmileri bilen duşuşdy. 12-nji awgustda Medwedow ýany bilen Türkmenistana getiren “Aurus” kysymly rus awtomobilini Berdimuhamedowa görkezdi. “Rossiýa 24” telekanalynyň görkezen wideosýužetlerinde Berdimuhamedow rus premýerine bu awtoulaglardan satyn almaga isleg bildirýändiklerini beýan edýär, ýöne ulagyň reňkiniň örän möhümdigini sözüne goşýar.

Muňa Medwedow ýylgyryp: “Sargyt kabul edildi.Bilýäris, ulagyň reňki hökman ak bolmaly” diýip, jogap berdi.Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda häkimiýetleriň raýatlaryň şahsy eýeçiligindäki awtomobillerini we döwlet gulluklarynyň hyzmatyndaky ulaglary ak reňkle mejbury boýatdyrýandygy barada ençeme gezek habar beripdi.

Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, 11-nji awgustda Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisow bilen hem duşuşdy. 12-nji awgustda türkmen prezidenti “Awzada” Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Ysmaýyl ogly Mämedow bilen duşuşdy.

Forumyň dowamynda iri taslamalar üçin şert döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň dünýä derejesindäki orny, ykdysadyýetiň nebit-gaz, energiýa, transport, söwda, agrosenagat, syýahat we beýleki pudaklarynyň inwestisiýa mümkinçilikleri barada maslahat ediler diýip, Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň resmisi Trans-Hazar barada özüniň mediada sitirlenýän sözlerini ret edýär
Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen ýene iki tussagyň şahsyýeti mälim boldy
“Russiýa, Ukrainanyň Prezidentiniň Janyna Kast Etmäge Synanşyp Biler”
Türkmenistanda iş kesilen 463 adam türmeden boşadyldy
Türkmenistan ýitirim bolan Omargulyýewiň we Garaýewiň “öýlerindedigini” aýdýar
Russiýa: "Ýadro ýaraglar bilen özümizi goramak hukugymyz bar" diýdi