Türkmenistanyň prezidenti bir topar kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy oktýabrda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bir topar kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Hususan-da döwlet baştutany Russiýanyň Nebit-gaz senagatçylar birleşiginiň geňeşiniň başlygy Ýuriý Şafranigi,

— John Deere kompaniýasynyň oba hojalygy we bag-bakja, park enjamlary bölüminiň başlygy Markwart fon Pentsany,

— halkara “Areti” kompaniýalar toparynyň başlygy Igor Makarowy,

— zawod we infrastruktura gurluşygy boýunça Kawasaki Heavy Industries Ltd. ýapon kompaniýasynyň prezidenti Tansuýa Watanabäni,

— Koreýanyň Samsung С&T korporasiýasynyň direktory Şin Kimi,

— “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony,

— Ukraýinanyň “Interbudmontaž” gurluşyk bileleşiginiň prawleniýesiniň başlygy Wladimir Petrugy,

— NATA Holding kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy,

— Fransiýanyň Cifal toparlarynyň prezidenti we baş direktory Žil Remini we

Çalyk Holding türk kompaniýalary toparynyň prawleniýesiniň başlygy Ahmet Çalygy

kabul etdi.

1 of 7

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat iýmitleri
26.10.2017 | Russiýanyň nebitgaz senagatçylar birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanýar
Türkmenistanda Berdimuhamedowyň 60 ýaşy bellendi (foto)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika