Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykar

Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykar

1-nji awgustdan başlap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Hökümet agzalary bilen bilelikde bir aýlyk dynç alşa çykar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurduň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, Arçmanda, Ýylysuwda ýa-da Türkmenistanyň beýleki şypahanalarynda dynç almaga rugsat berildi.

Ýurduň şypahanalary we sagaldyş merkezleri iň täze enjamlar, ösen lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, maşgala dynç alyşlaryny goşmak bilen, ýokary hilli dynç almak üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki zaman bedenterbiýe we sport toplumlary Türkmenistanyň ähli sebitlerinde işleýär we dynç alyş merkezleriniň köpüsinde sport meýdançalary, suw howuzlary hem-de bedenterbiýe otaglary bar.

Awgust aýynda ýurtda konferensiýalary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri we aýdym-sazly çäreleri öz içine alýan baý medeni maksatnamanyň meýilleşdirilendigini ýatladýarys. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar we ýetginjekler üçin dürli dynç alyş çärelerini guramaga aýratyn üns berilýär. Şol sanda Awaza - dostluk mekany şygary bilen dürli çäreler we Hazar deňziniň gününe bagyşlanan forum geçiriler.

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň, şeýle-de Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň geçirilmegi-de awgust aýynyň möhüm wakalarynyň hatarynda bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Prezidentiň Garabogaza sapar etmegine garaşylýar. Awaza döwlet emeldarlaryna garaşýar