Türkmenistanyň prezidenti bilen Russiýanyň nebit kompaniýasynyň başlygy Dostlik gaz gorlaryny ara alyp maslahatlaşýar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Russiýanyň Lukoil nebit kompaniýasynyň başlygy Aleksandrowyň duşuşygynda, Hazaryň nebit we gaz baýlyklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň prezidenti, Hazar deňzinde (Dostlik) nebit-gaz baýlyklaryny gözlemek we özleşdirmek boýunça Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda geçirilen Özara düşünişmek ylalaşygyň möhümdigini aýtmak bilen bu taryhy resminama gol çekilmegi, Hazar deňzinde energiýa pudagynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka hasaplanýandygyny aýtdy.
Lukoiliň başlygy hem, Hazar örisinde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda taryhy resminama gol çekmegiň türkmen nebit-gaz pudagynyň ösüşinde täze öwrülişikdigini aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistan geçen aý Hazar deňzinde iki ýurduň serhedindäki Dostlik gaz ýatagyny bilelikde ulanmak baradaky şertnama gol çekmek bilen möhüm ädimi ätdiler.
Bu gaz ýatagy soňky 30 ýylda iki ýurduň arasynda hemişe gapma-garşylyk nokady bolupdy.