Türkmenistanyň Prezidenti bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili ekologik meseleleri maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili ekologik meseleleri maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda duşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde möhüm ekologik meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, onuň kadalaryny jikme-jik öwrenmäge hem-de oňa goşulmak mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Entoni Blinken BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar
Ähli döwürleriň iň gowy komediýa aktýorlary yglan edildi
Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady
Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi
Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy başlandy, harby gulluga ýazky çagyryş başlandy, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana ilkinji sapary we beýleki täzelikler
Britan premýer-ministriniň ýedinji çagasy dünýä indi