Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

6-njy maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz The Biltmore Mayfair myhmanhanasyndan çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan Church House maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we şu gezekki dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar däp boýunça täç geýdirmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Westminster ybadathanasyna ugradylar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Birmingem şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY
Dünýäniň uzak aralyga gatnaýan ilkinji ýolagçy otlusy
Dünýä çempionaty tamamlandy
Ýewropanyň köp ilatly şäherleri
Türkmenistan awiakompaniýasy ýolagçylary ýükleri babatda wagtlaýyn bölekleýin konsepsiýa geçdi
Kakao — stres ýagdaýynda peýdaly bolup çykdy