Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Mejlisler merkezinde guralan baýramçylyk dabarasyna şeýle-de Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem bar.
Ýurduň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti Ýurt Bitarap, toýlar tutýar Arkadagly Serdarym atly watançylyk mazmunly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.Dokmaçylar folklor toparynyň ýerine ýetiren çykyşy hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan parahatçylyk dörediji türkmen döwletiniň häzirki döwrüne buýsanjy artdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet horunyň we folklor toparlarynyň birleşen ansamblynyň artistleri bilen bilelikde ýerine ýetirilen, Gahryman Arkadagyň Ýaşasyn parahat durmuş!atly goşgusyna döredilen aýdym konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatyny wasp edýän Alkyş Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!atly aýdym hem ruhubelentlik bilen garşylanyldy.Türkmenistanyň at gazanan artistiniň we sazandalaryň ýerine ýetirmeginde Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy atly çykyş konsertiň maksatnamasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Onda biri-biriniň üstüni ýetirýän, milli äheňler bilen tapawutlanýan dürli sazlar ýaňlandy. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň Türkmen binasy atly goşgusyna döredilen aýdym ýerine ýetirildi. Ýaşajyk türkmenistanlylaryň — Ruhubelent çagalar, Şowhun tans toparlarynyň çykyşlary dabara aýratyn bezeg berdi.
Konsert maksatnamasy belli artistleriň, ýaş estrada aýdymçylarynyň ýurtlara we yklymlara özboluşly syýahata alyp gidýän çykyşlaryndan ybarat boldy. Söýgi, dostluk, daşymyzy gurşap alýan dünýä barada azerbaýjan, iňlis, ermeni, hindi, gazak, gyrgyz, rus, täjik, türk we özbek dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
“Näzli”, “Meňli”, “Aşgabat” tans toparlarynyň, “Galkynyş”, “Serpaý folklor toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tans toparynyň “Toý gününde” atly tanslar çemeni dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Tans toparlary dürli halklaryň milli lybaslarynda azerbaýjan, ermeni, owgan, hindi, gazak, gyrgyz, rus, türk we özbek tanslaryny ýerine ýetirip, sungatyň jebisleşdiriji güýjüni görkezýän köpöwüşginli kompozisiýany jemledi.Aýdym-sazly, tansly kompozisiýa dünýäniň şäherleriniň owadan ýerlerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny, parahatçylykda, dostlukda ýaşamak ýaly bitewi arzuw-islegleri şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
“Şöhrat Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly watançylyk aýdymy konsertiň joşgunly jemlenmesine öwrüldi.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda ýaş nesliň wekilleri ýurduň bagtyýar çagalarynyň röwşen geljegi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidente hoşallygyň nyşany hökmünde gül desselerini berdiler. Döwlet Baştutany hem körpelere öz ajaýyp sowgatlaryny gowşurdy diýlip, çeşmede habar berilýär.