Ministrler kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde golaýda bellenilen wise-premýer Kerim Durdymyradow, seganat pudagyna gözegçilik etmek bilen, ýurduň balyk hojalygynyň ösüşi barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň üç aýynda ýurtda 555 tonna balyk tutuldy.
Şeýle-de, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesiniň töwereginde bekre balyklaryny emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny, şeýle hem “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynda täze balyk gaplaýjy bölümi gurmak we enjamlaşdyrmak barada halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi bellenildi.
“Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere balykçylyk pudagynyň täze desgalaryny gurmak bilen bagly meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Ýatladýarys, Ministrler kabinetiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde prezident ilatyň täze tutulan balyklar, gaýtadan işlenen balyk önümleri baradaky talabynyň doly kanagatlandyrylmagyny buýrupdy.
“Türkmenistanyň Hronikasy” bir ýyl mundan ozal “Ýitirlen pudak: Türkmenleriň deňiz balykçylygy hakynda” atly hasabat çap etdi.
Bu dokumentde soňky 10 ýylda “Balkanbalyk” kärhanasynyň iş depgininiň juda peselendigi aýdylýar. “2015-nji ýylyň birinji kwartalynda kärhananyň balykçylary 125 tonna golaý balyk tutdylar.Bu 2004-2005-nji ýyllaryň şol döwründe tutulan balykdan 30 esse az, geçen asyryň 70-90-njy ýyllarynda şol döwürde tutulan balyk bilen deňeşdirilende bolsa, 60-70 esse az”.