Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow gynanç hatynda: Görnükli döwlet Baştutany bolmak bilen, Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň ynamly öňe gitmegine, şol bir wagtyň özünde hem dünýäniň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşdy diýip, belläp geçdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin! diýip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow dileg etdi hem-de merhumyň ýakynlaryna ýene-de bir gezek gynanjyny bildirmek bilen, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar