Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň delegasiýasyny kabul etdi. Bu delegasiýa BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan ýolbaşçylyk edýär.

Delegasiýa Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komtetiniň ikinji mejlisine gatnaşdy.

“Mejlisiň barşynda tebigy gazy işläp bejermek pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri, “mawy ýangyçdan” taýýar önüm almak we ony dünýä bazaryna çykarmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Mejlisiň jemleri boýunça iki ýurduň hökümetiniň arasynda Protokola we hyzmatdaşyk boýunça özara düşünişmek Jarnamasyna gol çekildi. Komitetiň üçünji mejlisi 2018-nji ýylda Abu-Dabi şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanda ençeme türkmen migranty saklandy
Dürli ugurlar boýunça türkmen-grek hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy