Türkmenistanyň Prezidenti azyk bolçulygyny artdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, pudagy sanly ulgama geçirmäge, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga degişli meselelere garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Prezident Maksatnamasyndan ugur alnyp, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada degişli hasabatlary diňledi hem-de öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öwüt-nesihatlaryny berdi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda gök-bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de ilatymyzy bu önümler bilen üpjün etmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylda Türkmenistan boýunça degişli meýdana ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleri ekildi. Şu günler azyklyk oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär.

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylda ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň meýdanyny, şu ýyl bilen deňeşdirilende, ep-esli giňeltmek hem-de öndürilýän hasylyň mukdaryny artdyrmak meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, milli Liderimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda miweli baglary we üzüm nahallaryny ekmek hem-de olaryň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Pudagyň sanly ulgama geçirilmegi, ekerançylaryň we maldarlaryň zähmetini höweslendirýän netijeli gurallaryň ornaşdyrylmagy bu işe ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kuwwatlyklary artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipelere ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklar berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew çykyşynda milli Liderimiziň yzygiderli goldaw-ýardam bermegi netijesinde, obasenagat toplumyny düýpli özgertmek, döwlet ekologiýa syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek, ýer serişdelerini netijeli ulanmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi.

Şonuň netijesinde, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, azyk bolçulygyny yzygiderli pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, ot-iýmlik ekinleriň meýdanyny giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň, önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ýurdumyzyň iň gowy tejribesini işjeň ulanmagyň möhümdigini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, söwda toplumynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ministrligiň esasy wezipeleriniň biri ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlik derejede we elýeterli üpjün etmekden ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden we zerurlyk bolan ýagdaýynda daşary ýurtlardan harytlary satyn almak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem azyk önümleriniň görnüşleri boýunça ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda harytlaryň nyrhlaryna hem-de üpjünçiligine gündelik seljerme işleri geçirilýär.

Ministrligiň garamagyndaky söwda kärhanalary ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, ýerli önüm öndürijilerden azyk harytlaryny satyn alýarlar.

Şeýle hem zerur bolan azyk harytlarynyň esasy görnüşleriniň ýeterlik möçberdäki sarp ediş goruny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ministrlik boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we harytlaryň ýeterlik möçberdäki ätiýaçlygyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde sowadyjy ammarlarda miwe hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini saklamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Ministrligiň dükanlarynda, şol sanda internet söwda dükanlarynda sanly ulgama degişli häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar.

Söwda işini kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň düzümini kämilleşdirmek hem-de mukdaryny azaltmak, öz harytlarymyzyň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny zerur harytlar, ilkinji nobatda bolsa, azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol harytlar ilatymyza elýeterli bahadan hödürlenilmelidir.

Milli Liderimiz uly islegden peýdalanýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, ministre ýerli önüm öndürijilerden zerur harytlaryň yzygiderli satyn alynmagyna hem-de şolaryň ilat üçin elýeterliliginiň üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça hususyýetçileriň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti okgunly ösüşe eýe boldy, döwlete dahylsyz bölek bolsa halk hojalygynda esasy hem-de öňdäki orunlaryň birini eýeledi.

Milli Liderimiziň hemaýat bermegi bilen ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar.

2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 131,2 göterime deň boldy.

Täze, häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak esasynda guşçulyk pudagy işjeňleşdirilýär. Telekeçiler tarapyndan guş etini öndürmäge hem-de ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanmaga berildi. Şonuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edildi.

TSTB-niň agzalary tarapyndan maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bu toplumlar tohumlyk iri şahly mallaryň ösdürilip ýetişdirilmegine niýetlenendir.

Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli süýt we süýt önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Mary welaýatynda sebitde iri süýt önümlerini gaýtadan işleýän toplum gurulýar. Onuň işe girizilmegi gury süýdi, mesge ýagyny we dürli görnüşli doňdurma önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bularyň ählisi daşyndan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap ýyladyşhanalaryň gurlandygy barada hasabat berip, şolarda dürli görnüşli gök önümleriň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa önümleriň ýetişdirilýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm ekilip, ýokary hasylly saýlama görnüşli miweler öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazarlary bu önümler bilen doly üpjün edilýär. Gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany barha artýar, şolarda miweler kakadylýar hem-de senagat derejesinde miwe şireleri öndürilýär.

Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde gurulýan kärhanalarda süýji-köke önümleri, dürli içgiler, şöhlat önümleri, tomat goýaltmasy, maýonez ýaly önümler öndürilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz bölegine ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de Watanymyzyň senagat we eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda uly orun berilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça badalga berlen giň gerimli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, birleşmäniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, gündelik sarp edilýän önümleriň öndürilişi barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany köpelýär. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup, täze kuwwatlyklar işe girizilýär.

Häzirki wagtda sarp ediş bazarlarymyz öz öndürýän azyk önümlerimiz bilen üpjün edilýär. Bu ugurda geçirilýän çäreler azyk önümleriniň daşyndan getirilýän mukdarynyň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, günebakar ýagyny, mesge we margarin ýaglaryny, şeker, banan we sitrus ýaly daşyndan getirilýän miweleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlaryny gurup, işe girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

TSTB-niň agzalarynyň tagallasy bilen, döwrebap tehnologiýalar, şol sanda suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň 138-si gurlup, ulanylmaga berildi we şeýle desgalaryň ýene-de 147-siniň gurluşygy dowam edýär.

Bu ýyladyşhanalarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gök önümler içerki bazarlary üpjün etmek bilen birlikde, eksporty artdyrmaga-da mümkinçilik berýär.

Ilatymyzy ýylyň ähli pasyllarynda ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar gurulýar. Şolaryň işe girizilmegi bilen bu önümleriň saklanýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleriniň obasenagat toplumynda üstünlikli işleýändiklerini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek babatdaky telekeçilik başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we azyk önümlerine bolan islegleri öwrenmek hem-de doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça-da birnäçe tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişine gözegçilik etmek boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara laýyklykda, ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy yzygiderli seljerilýär we döwlet derejesinde geçirilmeli çäreler kesgitlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmegiň hem-de azyk önümleriniň elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli bazarlary özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen mundan beýläk-de doly üpjün etmek maksady bilen, degişli düzümler tarapyndan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu ugurda öňde duran gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip hem-de hasabatlary jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde oba hojalygyny ösdürmek hem-de bu ugurda yzygiderli özgertmeleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şu maksatlar bilen, oba hojalyk toplumyna köp mukdarda serişdeler goýberilip, onuň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Arassa daşky gurşawy döretmek, ilatymyzyň saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak we önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulgamlaýyn ornaşdyrmak meseleleri döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe hem-de oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe ýüzlenip, ilaty ýeralma, gök-bakja we beýleki azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek hem-de olaryň daşary ýurtlardan getirilýän mukdaryny azaltmak maksady bilen, 2021-nji ýylda welaýatlarda bu ekinleriň ekilmeli möçberini kesgitlemegi hem-de bu ugurda degişli taýýarlyk işlerini görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda miwe önümleriniň we üzümiň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ilatymyzy bu önümler bilen üpjün etmek üçin miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň ekilýän meýdanlaryny artdyrmak babatda degişli görkezmeleri berdi.

Maldarçylygy ösdürmek, ilatymyzyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, mallaryň baş sanyny köpeltmek wajypdyr. Olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa ýurdumyzyň önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda, ýurdumyzda öndürilýän köp görnüşli azyk önümlerini gündelik söwdada alyjylara täzeligi bilen ýetirmegi tabşyrdy.

Azyk harytlarynyň içerki bazarlarda ýeterlik üpjün edilmegi bilen birlikde, bahalaryň durnukly derejede saklanmagyna yzygiderli gözegçilik etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek baky Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramynyň, şeýle hem Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigini göz öňünde tutup, ilatymyzyň toý saçaklaryny bezemek üçin isleg bildirilýän dürli görnüşli azyk harytlarynyň üpjünçiligi bilen bagly işlere şu günlerden taýýarlyk görmek möhümdir.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly elektron söwdany, ilata harytlary eltip bermek hyzmatlaryny giňeltmek babatda görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda dükanlarynda arassaçylyk kadalarynyň, söwda düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gündelik gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe ýüzlenip, ýurdumyzda gök-bakja we miwe önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen, birleşmäniň agzalarynyň oba hojalyk işlerini özleşdirmek, ýyladyşhana hojalyklaryny döretmek bilen bagly alyp barýan işlerini çaltlandyrmagy hem-de berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Içerki sarp edijileri gök önümler, miweler bilen ýylyň ähli paslynda ýeterlik derejede üpjün etmek maksady bilen, gurluşygy alnyp barylýan sowadyjy ammarlaryň gurluşygyny tamamlamak zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň azyk önümlerini öndürýän agzalaryna önümçilik üçin zerur bolan çig mal hem-de önümçilik serişdeleri bilen üpjün edilmeginde goldaw bermegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we eksport edilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmagyň döwlet maksatnamalary boýunça alnyp barylýan işleri tizleşdirmegi tabşyrdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta hem-de iri telekeçilik kärhanalaryny gurmagyň maksatnamasyny seljermek we zerur bolsa täzelerini gurmagy teklip etmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk toplumy bilen bilelikde, et we süýt önümleriniň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamak zerurdyr. Bu maksatnamada Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan et hem-de süýt ugurly maldarçylyk toplumlaryny gurmak, alymlar bilen bilelikde tohum maldarçylygy ösdürmek, ýurdumyzda weterinar serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça çäreleri göz öňünde tutmak wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny hem-de dükanlary we bazarlary gündelik sarp edilýän azyk önümleri bilen üpjün etmegi we olaryň bahalary bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi