Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy awgustda Awstriýanyň “ILF Consulting Engineers” kompaniýasyny esaslandyryjy hem-de şu kompaniýanyň gözegçilik geňeşiniň başlygy Adolf Faýslmaýeri kabul etdi.
Duşuşyk wagtynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk etmek barada mesele gozgaldy diýip, TDH habar berýär.
Adolf Faýslmaýer gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işläp taýýarlamakda gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, kompaniýanyň esasy çeşme bolan gazy, şeýle hem goşmaça energiýa serişdelerini nazara alyp, Türkmenistanyň energetikasyny ösdürmegiň konsepsiýasyny düzmekde hyzmatlaryny teklip etdi.