13-nji awgustda Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün irden Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin merjeni hasaplanýan Awaza milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.
Ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Türkmenistan gazeti