Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, gubernator türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany öňden gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa we onuň sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Duşuşykda özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de gubernator Igor Babuşkin Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň işewür toparlarynyň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere taýýardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Türkmenistanyň edaralarynyň we ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleriniň Astrahanyň aýratyn ykdysady zolaklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Gubernatoryň belleýşi ýaly, rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.