Türkmenistanyň Prezidenti Astrahanyň gubernatory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Astrahanyň gubernatory bilen duşuşdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazar dostluk deňzi atly motoýörişiň kerwenine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Igor Babuşkini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ony şanly waka doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, motoýörişiň üstünlikli geçirilmegini hem-de Hazar sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak işinde öňde goýlan maksatlara ýetmegi arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Igor Babuşkin bu halkara taslamanyň Hazar ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ykdysady, medeni, bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady.

Söhbetdeşlikde möhüm ugurlarda özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmegi işjeň ugur edinýän Türkmenistanyň öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ugrunda anyk ädimleri ädýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Hazar deňziniň töweregi boýunça motoýörişi guramak başlangyjyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda öňe sürendigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Özara söwda dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Igor Babuşkin amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň netijeli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň zerur boljakdygy bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy portunyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny açmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, türkmen tarapynyň bar bolan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda gämigurluşygy we gämi abatlaýyş ulgamynda işleri utgaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere üns berildi. Bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Gubernator Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde Türkmenistandan ýaşlary okatmak meselelerini dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Igor Babuşkin: Astrahan Türkmenistan bilen yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmak isleýär
Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary