Türkmenistanyň Prezidenti Astana bardy

Şu gün Gazagystana iş saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana bardy. Döwlet Baştutanymyzy Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow garşy aldy.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi.

Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär.Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, ählumumy derejede alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Ýene degişli makalalar

Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlary Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahata çagyryldylar
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy